- baýrak
- 1) Ýaryşda ýa-da başga bir zatda üstün çykandygy üçin bellenýän sylag.∙ Men bu ýyl hem baýragy başga adama gidermen. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)2) Belli bir işi ýerine ýetirendigi üçin, sylag hökmünde berilýän hak-pul ýa-da zat.∙ Ýeri, sen aýt, ony saňa sowgat edip beräýen adamyň baýragyna näme berersiň. (M. Ýu. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem baýrak - baýragy.◊ baýrak meýdany — Ýaryş geçirilýän meýdan.◊ keçe baýragy — Keçe-keçe, ýüzük oýnunda berilýän baýrak.∙ Ýüzük oýunçylary bolsa, keçe baýragy hantamadyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.